Зарегистрироваться
Восстановить пароль
FAQ по входу

Metdiýewa M. (taý.) Dürs ýazuw: dersinden mugallymçylyk mekdepleri üçin okuw gollanmasy

  • Файл формата pdf
  • размером 4,98 МБ
Metdiýewa M. (taý.) Dürs ýazuw: dersinden mugallymçylyk mekdepleri üçin okuw gollanmasy
Okuw gollanmasy. — Aşgabat: Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi, 2019. — 17; 33 s.
Türkmen döwletiniň özbaşdak, Garaşsyz döwlet bolmagy ýurdumyzdaky ägirt uly özgerişleriň başlangyjy boldy. Häzir mähriban Watanymyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynda uly üýtgeşmeler bolup geçýär. Dünýäniň ösen ýurtlarynda ylmyň, tehnikanyň biçak öňe gitmegi parahatçylykly, özara ähmiýetli gatnaşyklaryň geriminiň giňelmegi döwletara informasiýa alşygynyň hem möçberini giňeltdi. Bu bolsa durmuşyň ähli gatlaklarynda häzirki zaman kompýuter tehnikasyny giňden ulanmaklyga, kompýuterleriň has kämil görnüşlerini döretmeklige getirdi. Häzir ýer ýüzünde durmuşyň ähli pudaklarynda informasiýa almak latyn grafikasynda işleýän kompýuterler arkaly amala aşyrylýar we kem-kemden bütindünýä informasiýa ulgamy kemala gelýär. Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen syýasy, ykdysady,ylmy, medeni, söwda we beýleki gatnaşyklarynyň giňelmegi şol ulgama goşulmak üçin ýurdumyzda informasiýa tehnologiýasyny, şeýle hem elipbiýimizi we milli ýazuwymyzy kämilleşdirip, bütindünýäde ykrar edilen nusgalara golaýlaşdyrmak zerurlygyny öňümizde goýupdy.
  • Чтобы скачать этот файл зарегистрируйтесь и/или войдите на сайт используя форму сверху.
  • Регистрация