Aşgabat, 2009. — 233 s.
Leksika we frazeologiýa. Stilistika we sözleýiş medeniýeti. Fonetika, grafika, orfoepiýa, orfografiýa. Morfologiýa we söz ýasalyş.
Türkmenistan Garaşsyz döwlet hökmünde öz konstitusiýasy arkaly türkmen dilini döwlet dili diýip kanuny taýdan ykrar etdi. Garaşsyz Türkmenistanyň ilatynyň täze elipbiýden peýdalanyp başlanyna 10 ýyldan hem köp wagt geçdi. Şeýle-de bolsa, häzirki güne çenli ýörite orta we ýokary okuw mekdepleri türkmen dili boýunça täze ruhda ýazylan, diliň dürli stilistik we medeniýetli sözleýiş mümkinçiliklerini açyp görkezýän, orfografiýa hem puktuasiýa düzgünlerini özünde jemleýän okuw kitaby bilen üpjün edilenok. Emma ýörite orta we ýokary mekdepleriň ählisi üçin, aýratyn-da, daşary ýurt dili mugallymy ýa-da terjimeçi taýýarlaýan okuw mekdepleri üçin şeýle kitabyň neşir edilmegi döwrüň wajyp meseleleriniň biridir. Sebäbi mugallym ýa-da terjimeçi türkmen dilinden hem peýdalanmaly bolýar. Kitap türkmen dilini öwrenýän ýörite orta hem ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin niýetlenilýär. Kitap türkmen dili boýunça umumy (tipli) maksatnama esasynda ýazyldy.