Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. — Aşgabat: Türkmenistanyň Bilim ministrligi, 2010. — 258 s.
“Giriş” bölüminde türkmen diliniň gadymylygy, onuň edebi, milli, döwlet dili bolşy, türkmen diliniň öwrenilişi, onuň maksady we wezipeleri dogrusynda gürrüň berilýär. “Leksika” bölüminde sözleriň köpmanylylygy, omonimler, paronimler, sinonimler, antonimler, olaryň döreýiş çeşmeleri we çeper edebiýatda ulanylyşy derňelýär. Umumyhalky we umumyhalky däl leksika, aktiw hem passiw sözler we leksikologiýanyň beýleki düýpli meseleleri işde öz beýanyny tapýar. “Sözýasalyş ýollary” diýen bölüm hem işe goşuldy. Onda diliň sözlük düzüminiň ösüş ugurlary bellenilýär. Bu kitap ýokary mekdepleriň filologiýa fakultetleriniň talyplary, mekdep mugallymlary, dilçi alymlar, leksiologiýa bilen gyzyklanýan ähli okyjylar üçin niýetlenilýär.